Türkmenistandaky «Mavi» dükany harytlary başlangyç tölegsiz 6 aý garaşaryna berýär

14:2708.07.2022
0
20114

Gündelik geýmek üçin niýetlenen hem-de jins egin-eşiklerini hödürleýän «Mavi» brendiniň Aşgabatdaky dükany alyjylara islendik haryt görnüşini başlangyç tölegini geçirmezden 6 aý garaşaryna berýändigini mälim edýär.

Täze döredilen bu mümkinçilikden peýdalanmakda müşderiler 1500 manat möçberine çenli söwda etmek üçin pasportlarynyň nusgasyny, 3000 manada çenli möçberde haryt satyn almak üçin bolsa işleýän ýerinden kepilnama getirmelidir. Şeýle-de bu hyzmaty ýetirmekde dükan müşderiler bilen şertnama baglaşýar.

«Mavi» dükanyndan islendik adama laýyk boljak egin-eşikleriň, aýratyn-da jins jalbarlarynyň we köýnekleriň dürli görnüşlerini, olaryň döwrebap bezeg ölçegleri bilen bezelen nusgalaryny tapmak bolýar. Bulardan başga-da, dükanda tüýs tomus möwsümi üçin niýetlenen köýnekçeler, şortlar, köýnekler, şeýle-de «Mavi» brendiniň erkekler we zenanlar üçin niýetlenen beýleki bezegleri alyjylara hödürlenýär.

«Mavi» dükanynyň salgysy: Aşgabat ş., «Berkarar» SDAM, 2-nji gat.

Habarlaşmak üçin:

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň