Türkmen kompaniýalarynyň bäşisi Türkiýede geçýän halkara azyk senagaty sergisine gatnaşýar

10:3607.07.2022
0
1373
Türkmen kompaniýalarynyň bäşisi Türkiýede geçýän halkara azyk senagaty sergisine gatnaşýar
Surat: f-istanbul.com

Azyk hem-de alkagolsyz içgileriň önümçiligi bilen meşgullanýan bäş sany türkmen kompaniýasy Türkiýedäki «F Stambul» halkara azyk senagaty sergisine gatnaşýar.

«F Stambul» — iýmit, alkagolsyz içgiler, gaýtadan işlemek we gaplamak sergisi 5 — 7-nji iýul aralygynda Stambulyň Ýeşilkoý köçesindäki Stambul Ekspo merkezinde geçirilýär.

Şu ýylky sergi 20-den gowrak ýurtdan gelen 300-den gowrak sergä gatnaşyjylary we 6 müň sarp edijileri özünde ýygnady.

Bu sergä Türkmenistanda «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti, Türkmenistanda agyz suwy we gazly içgiler bazaryndaky öňdebaryjy kompaniýalar bolan «Arçalyk» kärhanasy, «Parahat» hususy kärhanasy gatnaşyjylary öz harytlary bilen tanyşdyrýarlar.

Konditer öndürijisi «Kilwan» bilen konserwirlenen önüm öndürijisi «Noş» hem «F Stambulda» öz önümlerini görkezýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň