Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly zenan basketbolçylar Gazagystanyň ýygyndysyny hem uly hasap bilen ýeňdiler

13:2406.07.2022
0
9093

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça zenanlar ýygydysy Aziýanyň kubogy ― 2022-däki ikinji duşuşygyny hem üstünlikli geçirdiler.

Saýlama tapgyryň «E» toparçasyna wekilçilik edýän ildeşlerimiz Gazagystanyň ýygyndysyny 21:10 hasabynda ýeňdiler. Günüň ilkinji duşuşygynda türkmenistanly basketbolçy zenanlaryň Guamyň ýygyndysyndan 21:14 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys.

Şeýlelikde, iki duşuşykda 42 utuk toplan türkmen ýygyndysy ýaryşyň esasy tapgyryna çykmak mümkinçiligini has-da artdyrdy. Ikinji duşuşygynda Papua-Täze Gwineýany uly hasap bilen ýeňen Guamyň ýygyndysy 34 utuk bilen ikinji orunda galdy. Iki duşuşykda 27 utuk toplap bilen gazak ýygyndysy üçünji orna düşdi. Toparçada ahyrky orny eýeleýän Papua-Täze Gwineýanyň basketbolçy zenanlarynda 14 utuk bar.

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy toparçada ahyrky duşuşygyny dördünji orundaky garşydaşlary bilen geçirer.

Toparçada birinji orny eýeläp, ýaryşyň esasy tapgyryna çykyp bilseler, türkmen basketbolçylarynyň ýedi garşydaşynyň eýýäm mälimdigini ýatladýarys. Olar ýer eýeleri Singapuryň, häzirki çempion Awstraliýanyň, FIBA-nyň reýtinginde ilkinji bäş orny eýeleýän Mongoliýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Taýwanyň we Şri-Lankanyň ýygyndylarydyr.

Umuman, esasy tapgyra 16 ýygyndy gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň