Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda «Aşgabat kameratosy» at bilen täze saz toparynyň konsertiniň ilkinji çykyşy boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berdi.
Bahram Dolyýewiň ýolbaşylygyndaky bu toparyň agzalary nusgawy kompozitorlaryň eserlerini ýerine ýetirdiler. Her bir çykyşda ýerine ýetirilen nusgawy eserleriň arassalygyny gazanmak toparyň baş maksady boldy. «Nusgawy eserler çeşme suwy ýaly dury bolýar» – diýip, olar hasap edýärler.
Konserti Bahram Dolyýew Iogann Sebastýan Bahyň «Partita №2» eseri bilen açdy. Bahram Dolyýewiň skripkasyndan çykýan jadyly mukam diňleýjileri özüne bendi etdi. Diňleýjiler Bahram Dolyýewiň ýöne ýerden skripkada saz çalmagyň ussady saýylmaýandygyna ýene bir gezek göz ýetirdiler. Onuň halkara TÜRKSOÝ kamera orkestriniň konsertmeýsteridigini hem aýtmak ýerlikli bolsa gerek.
Astor Pýatsollyň «30-njy ýyllaryň kafesi» eserini ýerine ýetirende Bahram Dolyýewiň skripkasynyň sesi diňleýjileri başga döwre, başga medeniýetli jemgyýete alyp gitdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Leýli Ökdirowa birnäçe wokal aýdymlary ýerine ýetirdi. Onuň ýerine ýetirmeginde Leo Delibiň «Ispan aýdymy», Sergeý Rahmanowyň «Bu ýeri hezillik» we beýleki eserler ýaňlandy.
Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, dirižýor, kompozitor we pianinoçy Röwşen Nepesow «Bedew hakda rowaýat» kinofilmine ýazan özüniň eserini saundtrekde ýerine ýetirdi. Tomaşaçylar Röwşen Nepesowa kompozitor hökmünde-de, ýerine ýetiriji hökmünde-de elçarpyşmalar bilen hoşallyklaryny bildirdiler.
Konsertiň ahyrynda skripkaçylar Bahram Dolyýewiň we Aýlar Botaýarowanyň ýerine ýetirmeginde Dmitriý Şostakowiçiň bäş eseri ýaňlandy. Tomaşaçylaryň haýyşy boýunça, ýaşaýşa söýgüden doly şowhunly «Polka» pýesasyny bolsa sazandalar gaýtadan ýerine ýetirdiler.
«Aşgabat kameratosynyň» konsertinde Bahram Dolyýewiň, Aýlar Botaýarowanyň, Tahyr Ataýewiň, Wepa Jumageldiýewiň, Bahar Annadurdyýewanyň we Ysmaýyl Sähetmyradowyň çykyş edendiklerini ýatladýarys.