Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada aşa yssy sebäpli 14 müň adam hassahana ýerleşdirildi

09:5406.07.2022
0
1303
Ýaponiýada aşa yssy sebäpli 14 müň adam hassahana ýerleşdirildi
Surat: tonkosti.ru

Ýaponiýada 27-nji iýun 3-nji iýul aralygynda 14,3 müň adam aşa yssy howa we Gün urgmagy sebäpli hassahana ýerleşdirildi. Bu barada ýurtda adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň wezipelerini ýerine ýetirýän Ýaponiýanyň Baş ýangyn müdirliginiň maglumatlaryna salgylanyp, TASS habar berýär.

Agzalýan döwürde howanyň adatdan daşary gyzmagy sebäpli hassahana ýüz tutýan adamlaryň sany hepdede 3,2 esse ýokarlanypdyr. Statistiki maglumatlar tutuş iýun aýy boýunça hassahanalara jemi 15,657 adamyň ýüz tutandygyny görkezýär. Bu mukdar ozalky ýyllar bilen deňeşdirilende iýun aýy üçin rekord görkezijidir.

Geçen hepde Ýaponiýada howanyň temperaturasy bu ýurt üçin soňky ýüz elli ýyllygyň rekord derejesinde ýokarlanyp, paýtagt Tokioda gündelik ortaça temperatura 32 gradusdan geçdi. Hatda ýurduň käbir sebitlerinde howanyň temperaturasy 40 gradusdan hem ýokary boldy. Şunuň bilen baglylykda, ýerli häkimiýetler ilaty baş gap geýmäge, köp suwuklyk içmäge we gün şöhlesiniň ýiti mahallarynda daşardaky hereketleri çäklendirmäge çagyrýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň