Soňky habarlar

Arhiw

Saýat etrabynda mekdebiň we çagalar bagynyň gurluşygy tamamlanyp barýar

15:5505.07.2022
0
3251

Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde welaýatda bilim we terbiýeçilik edaralarynyň ýene-de ikisi açylyp ulanylmaga berler. Olar Saýat etrabynyň çagalaryna ajaýyp toý sowgady bolar.

«Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, etrabyň Esgi geňeşliginde 600 orunlyk orta mekdebiň binasynyň gurluşygy şu günler jemleýji tapgyrda dowam edýär. Gurluşygy ýerli hususy kärhana alyp barýar. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde täze bilim ojagynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen, Saýat etrabyndaky umumy bilim berýän orta mekdepleriň sany 40-a tegelener.

Geçen ýyl täze mekdepli bolan Lebaby geňeşliginiň ýaşaýjylary üstümizdäki ýylda 160 orunlyk çagalar bagyny hem sowgat alarlar. Täze terbiýeçilik merkezi güýzüň ilkinji gününde açylyp ulanmaga berler.

Şu günler täze binalaryň ikisinde-de gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar. Awgust aýynyň başyna çenli işler doly tamamlanyp, binalar zerur enjamlar bilen üpjün edilip başlanar. Olar döwrüň iň täze gazananlaryna eýe bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň