Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystanyň Patyşasy 5 milliard dollardan gowrak serişde bölüp berdi

14:1705.07.2022
0
1057
Saud Arabystanyň Patyşasy 5 milliard dollardan gowrak serişde bölüp berdi
Surat: saudigazette.com.sa

Saud Arabystanyň patyşasy Salman ben Abdel Aziz Al Saud ählumumy nyrhlaryň gymmatlamagynyň netijelerini ýeňip geçmek we ilatyň has mätäç gatlaklaryna ýardam etmek maksady bilen, 20 milliard rial (5,33 mlrd ABŞ dollary töweregi) serişde bölüp bermek barada tabşyryk berdi. Bu barada Saudyň metbugat wekilhanasy habar berdi diýip, TASS habarlar gullugy ýazýar.

Patyşanyň kararyna laýyklykda, 10,4 mlrd rial birwagtlaýyn pul geçirmeleri görnüşinde durmuş üpjünçilik kömegini alýanlara we ownuk çarwalara, şeýle-de «Citizen Account» maksatnamasyna gatnaşyjylara goýberiler, ady agzalan maksatnama 2017-nji ýylda saud maşgalalaryny dürli ykdysady özgertmeleriň göni ýa-da gytaklaýyn täsirinden goramaga niýetlenen subsidiýalaryň elektron platformasydyr. Soňky ýyllarda ýurt uglewodorodlaryň çykarylyşyndan we satuwyny kemeltmekden garaşlylygy azaltmak ugrunda dürli özgertmeleri işjeň geçirýär.

Habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, bölünip beriljek pul serişdeleriniň galan bölegi esasy harytlaryň gorlaryny köpeltmäge hem-de patyşalykda olaryň gerek möçberde elýeterliligini gazanmaga gönükdiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň