Iwan Danilýans «Traktoryň» tälimçiler düzümine goşuldy

11:1205.07.2022
0
11047

Iwan Danilýans Eýranyň «Traktor» futbol klubynyň tälimçiler düzümine goşuldy. Bu barada klubyň resmi saýty habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, bu toparyň baş tälimçisi wezipesine ýakynda türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýew bellenildi. Iwan Danilýans tälimçilik ýolunyň agramly böleginde Gurban Bekiýewiç bilen bile işleşdi.

Toparyň tälimçiler düzümine russiýaly hünärmenler Dmitriý Kiriçenko bilen Eduard Kunduhow hem goşuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň