Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Go Viral atly ilkinji innowasion festiwaly geçirildi

21:5302.07.2022
0
13118

Türkmenistanyň paýtagtynda başarjaň we dörediji ruhdaky adamlary bir ýere jemleýän Go Wiral atly innowasiýa festiwaly geçirildi. Festiwalyň esasy maksady dörediji adamlara oýlap tapmaga, döretmäge döwrebap usullary açyp görkezmekden ybaratdyr. Mundan başga-da, festiwal täze platformalar we tehnologiýalar arkaly jemgyýet bilen üstünlikli aragatnaşyk gurmak üçin täze mümkinçilikleri ýüze çykarmagy maksat edinýär.

Festiwalyň maksatnamasyny metbugat, işewürlik, medeniýet we tehnologiýa boýunça seminarlar, şeýle hem konsert çykyşlary düzdi. Festiwala 150-den gowrak adam gatnaşdy. Gatnaşyjylar festiwalyň dowamynda hünär tejribelerini paýlaşdylar, dürli ugurlar boýunça hünärmenler bilen sorag-jogap alyşdylar. Şeýle hem mümkinçilikden peýdalanyp, özleriniň pikirdeş, ruhdaş adamlary bilen tanyşdylar.

Bu festiwal Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýär. Ol mundan öň Duşanbede, Daşkentde, Bişkekde we Almatyda geçirilipdi. Festiwal ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň hem-de Merkezi Aziýadaky Go Viral jemgyýetiniň goldawy esasynda guralýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň