Türkmenistanyň Tennis federasiýasyna täze ýolbaşçy saýlanyldy

19:5101.07.2022
0
2951
Türkmenistanyň Tennis federasiýasyna täze ýolbaşçy saýlanyldy

Çarşenbe güni Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň hasabat-saýlaw ýygnagyny geçirdi. Ýygnakda 2018-nji ýyldan bäri guramanyň baş sekretary wezipesini ýerine ýetirip gelýän Eziz Döwletow biragyzdan Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň täze başlygy wezipesine saýlanyldy.

Ýeri gelende bellesek, Eziz Döwletow tennis boýunça Türkmenistanyň sport ussadydyr. Ol 2013-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Dewis Kubogynyň sebitleýin tapgyrynda (Aziýa we Okeaniýa zonasynyň IV topary) ýeňiji bolupdy. Şeýle-de Eziz Döwletow 2020-nji ýyldan bäri Dewis Kubogyny we Billi Jin King kubogyny geçirmek boýunça ITF-niň prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky halkara iş toparynyň agzasydyr.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň