Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda halkara ýük gatnawlarynyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy

13:3201.07.2022
0
5193

Aşgabatda halkara ýük gatnawlarynyň möhüm meselelerine bagyşlanyp geçirilen maslahatda Hazar sebitinde infrastrukturanyň kämilleşdirilmegi, konteýner daşamalarynyň ugurlarynyň we bahalarynyň emele gelmegi hem-de munuň bilen bagly beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata logistika we halkara söwda pudagynda iş alyp barýan 110 sany hünärmen gatnaşdy. Çäräniň dowamynda «Prime Shipping Agency LLC» kompaniýasynyň işewürlik taýdan ösüşi boýunça direktory Saniýat Mustafaýewa halkara howa ýük gatnawlarynda ýüze çykan üýtgeşmeler dogrusynda belledi.

«Dost Halkasy Söwda Ulag Merkezi» kärhanasynyň demir ýol ulaglary boýunça hünärmeni Arina Papilowa demir ýol ýük gatnawlarynyň peýdaly aýratynlyklary barada durup geçdi.

Çärede şeýle-de «Resmi kepil» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Ahmet Baýramow «Türkmenistanda ätiýaçlandyryş bazarynyň ösüş tendensiýalary we dinamikasy» diýen tema boýunça çykyş etdi.

«Ulag logistikasy çygrynda işiň görnüşi we jogapkärçilik derejesi» atly mowzuk maslahata gatnaşyjylaryň arasynda çekeleşikli pikir alyşma eýe boldy.

Bu özboluşly çäre «Prime Shipping Agency LLC» kompaniýasy (BAE) bilen «Dost Halkasy Söwda Ulag Merkezi» hojalyk jemgyýetiniň (Türkmenistan) bilelikde guramagynda geçirildi.

Şeýle-de okaň:

Fotoreportaž:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň