«Garagum syýahat» konsalting kompaniýasy Russiýanyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okamaga ýardam edýär

17:5230.06.2022
0
6755
«Garagum syýahat» konsalting kompaniýasy Russiýanyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okamaga ýardam edýär

«Garagum syýahat» konsalting kompaniýasy Halkara Ykdysady Merkez bilen hyzmatdaşlykda «Educationruss» taslamasynyň esasynda dünýäniň we Russiýanyň iň baýry ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge isleg bildirýän türkmen raýatlaryna we beýleki daşary ýurtly dalaşgärlere hyzmatlary ýetirýär.

Kompaniýa Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdepleri bilen işjeň hyzmatdaşlykda bolup, dürli ýokary okuw mekdebine okuwa girmegiň tertibi, okuw şertleri we talyp durmuşy barada doly maglumatlary berýär.

«Educationruss» taslamasynyň topary şu hili hyzmatlary hödürleýär:

  • Hünär saýlamakda ýardam bermek;
  • Okuwa girmek üçin ähli gerekli bolan resminamalary ýygnamak;
  • Okuwa taýýarlyk we giriş döwründe dalaşgärleriň wagtynyň tygşytlanmagy;
  • Okuwa girilende ugratmak;
  • Russiýa talyplyk wizalaryny resmileşdirmekde kömek bermek.

Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde iň köp isleg bildirilýän ugurlara ykdysadyýet, lukmançylyk, dil öwreniş, menejment, programma inženerçiligi, nebit-gaz hünärmeni, halkara gatnaşyklary ýaly ugurlar degişli.

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okap bilim alýan talyp ýaşlarynyň sany boýunça Türkmenistanyň dördünji orunda (30,6 müň adam) durýandygyny bellemeli.

«Garagum syýahat» kompaniýasy bilim ulgamy boýunça maslahat beriş kärhanalarynyň hatarynda ilkinji orunda durýar we eýýäm onuň ýardamy bilen 1000-den gowrak ýaşlar daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girdiler. Kompaniýa hyzmatlarynyň hilini kepillendirýär.

Habarlaşmak üçin salgylar:

  • Imo, WhatsApp, Telegram, VK social platformalary üçin: +99363378205;
  • +99365046181;
  • +79623690220;
  • Web saýty: www.educationruss.com;
  • Elektron poçta salgysy: educationrussofficial@gmail.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň