Beýik Britaniýaly tennisçi Endi Marreý karýerasynda ilkinji gezek «Lewýer kubogyna» gatnaşyp görer. Bu ýaryş şu ýyl 23 ― 25-nji sentýabr aralygynda London şäherinde geçiriler.
Ol düzüminde Rojer Federer hem-de Rafael Nadal hem bolan Ýewropa ýygyndysyna girizildi. Ýygyndynyň galan üç agzasy biraz soňrak yglan ediler.
― Maňa bu ýygyndynyň bir parçasy bolmak örän hoş gelýär. Bilşime görä, «Lewýer kubogy» dünýäde ünsi özüne has kän çekýän tennis ýaryşy. Rojer we Rafa bilen bir toparda bolmak bolsa ajaýyp mümkinçilikdir ― diýip, ol BBC ýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.
Ýaryşda dünýäniň ýygyndysyna bolsa, häzirlikçe, Feliks Ože, Teýlor Frits we Diego Şwasrman dagylar goşuldy. Dünýä ýygyndysynda hem beýleki üç wekil indi yglan ediler.