«Uimbldon»: Kressi muny ilkinji gezek başardy

16:4530.06.2022
0
734

Möwsümiň üçünji «Uly tuwulga» ýaryşy bolan «Uimbldonda» TOP-10-lugyň ýene bir wekili garaşylmadyk ýagdaýda öýüne dolandy.

Dünýäniň 9-njy raketkasy, kanadaly tennisçi Feliks Ože birinji tapgyrda ATP-niň reýtinginde 45-nji orny eýeleýän amerikaly Maksim Kressiden 7/6, 4/6, 6/7, 6/7 hasabynda utulyp, ýaryş bilen hoşlaşdy.

Duşuşyk 4 sagat 9 minut dowam etdi. Olar karýerasynda biri-biri bilen ilkinji gezek duşuşdylar. Kressiniň ilkinji gezek TOP-10-daky garşydaşyndan üstün çykandygyny hem nygtamak gerek.

Mundan ozal ol güýçli onlukdaky tennisçiler bilen dört gezek duşuşyp, ählisinde asgyn gelipdi. Kressiniň ikinji tapgyrdaky garşydaşy watandaşy Jek Sok bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň