Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistan ösümlik ýagynyň önümçiligini artdyrýar

17:1027.06.2022
0
1204
Täjigistan ösümlik ýagynyň önümçiligini artdyrýar
Surat: oleoscope.com

Täjigistan ösümlik ýagynyň önümçiligini artdyrýar. Ýurtda bu önümi öndürýän elliden gowrak kärhana bar.

Täjikleriň milli aşhanasynda ösümlik ýagyny kän talap edýän onlarça tagam bar. Özem olar çörek önümleri, mysal üçin, fatir gatlakly çöregidir. Fatir bilen kurutob täjik milli tagamy taýýarlanýar.

«Maşgalamda alty adam bar. Aýda bize 15 litr ýag gerek. Sebäbi ýagy biz ähli tagamlarymyzda ulanýarys» diýip, öý bikesi Muslima Habibowa gürrüň berýär.

Bu ýyl Täjigistanda ösümlik ýagynyň importyny iki göterim kemeltmekçi bolýarlar, ýerli önümçilik bolsa ýarpy esseden gowrak köpeldiler. Bu öňdäki üç ýyllyk maksatnama.

Öň respublikada ýeke-täk rafinirlenen ýag öndürýän seh bardy, indi kärhana iň oňat enjamlar, arassalaýjylar ornaşdyryldy, netijede, hil hem gowulandy. Bu kärhanada ýerli we Gazagystandan getirilen çig mal ulanylýar, hil hem önüm dört tapgyry geçensoň, ýokary.

Geçen hepdede ýurtda ýene bir ýag kärhanasy açyldy, ol pagta ýagyny öndürýär. Pagta ýagyna hem ýurtda isleg ýokary. «Günde ýarym tonnadan gowrak pagta çigidini gaýtadan işleýäris. Geljek ýyl kuwwatlylygy üç-dört esse artdyrmakçy. Munuň üçin enjamlary satyn almakçy. Günebakar we zygyr ýaglaryny öndürmek maksadymyz bar» diýip, kärhananyň direktory Zyýadaly Aşyrmatow gürrüň berýär.

Şeýle kärhanalar täze iş ýerlerini artdyrýar.

«Biz öň işlemek üçin daşary döwletlere giderdik, indi bolsa öýümiziň ýanjagazynda ýag kärhanalary bar. Öýde, çagalaryň, käbäň ejeň ýanynda bolanyň gowy» diýip, ösümlik ýag kärhanasynyň tehnology Aslan Otobaloýew göwnühoş ýylgyrýar.

Täjigistanda täze kärhanalary döretmek we öň bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak barada daşary ýurt maýa goýumçylary bilen gepleşikler alnyp barylýar. Bu barada MIR24 ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň