Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Wladiwostokda geçjek «Aziýanyň çagalary» oýunlaryna gatnaşar

15:0027.06.2022
0
5989

Türkmenistanly türgenler 2022-nji ýylyň 27-nji iýul — 8-nji awgusty aralygynda Russiýanyň Wladiwostok şäherinde geçiriljek «Aziýanyň çagalary» atly VII Halkara sport oýunlaryna gatnaşar. Bu barada oýunlaryň direksiýasynyň ýolbaşçysy Elmira Walitowa salgylanyp, bigasia.ru saýty habar berýär.

Bu oýunlara Türkmenistandan başga-da Ermenistanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Siriýanyň, Taýlandyň, Özbegistanyň, Mongoliýanyň we Gazagystanyň türgenleri gatnaşýar.

«Aziýanyň çagalary» atly oýunlaryň meýilnamasyna laýyklykda, onuň dowamynda badminton, basketbol, boks, göreş, kenar woleýboly, dzýudo, ýeňil atletika, stol tennisi, suwda ýüzmek, nyşana ok atmak, erkin hem-de grek-rim göreşi, sambo, ýaý atmak, taekwondo, futzal we çeper gimnastika ýaly sport görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler.

«Aziýanyň çagalary» atly Halkara sport oýunlary ilkinji gezek 1996-njy ýylda häzirki olimpiýa hereketiniň 100 ýyllygy mynasybetli Ýakutiýada geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň