«Türkmenistan» awiakompaniýasy iýul aýynda Moskwa uçuşlary dikelder

18:3624.06.2022
0
53918

«Türkmenistan» awiakompaniýasy iýul aýyndan Moskwa uçuşlary dikeldýär, Domodedowo Halkara howa menziline ilkinji uçuş Aşgabatdan 5-nji iýulda uçar. Bu barada Turkmenportalyň habarçysyna awiakompaniýanyň sorag-jogap gullugynda habar berdiler.

Uçuşlar hepdede iki gezek — sişenbe we penşenbe günleri amala aşyrylar.

Sişenbe günleri Aşgabatdan uçuş 19:25-de uçup, Moskwada 21:15-de (moskwa wagty) gonar. Yzyna uçarlar Türkmenbaşy şäherine dolanar. Sişenbe güni Moskwadan uçuş 22:45-de uçup, Türkmenbaşa 04:15-de (aşgabat wagty) gonar.

Penşenbe günleri Aşgabatdan uçuş 07:35-de uçup, Moskwa 09:25-de (moskwa wagty) gonar. Moskwadan 10:55-de uçup, Türkmenbaşa 16:25-de (aşgabat wagty) gonar.

Bir tarapyň awiapeteginiň bahasy – 8030 manat.

Goşmaça magllumat almak üçin şu telefon belgä ýüz tutup bilersiňiz: +99312391717 we 085.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň