Soňky habarlar

Arhiw

Moskwa halkara kinofestiwaly 26-njy awgust — 2-nji sentýabr aralygynda geçiriler

12:4024.06.2022
0
691
Moskwa halkara kinofestiwaly 26-njy awgust — 2-nji sentýabr aralygynda geçiriler
Surat: tass.ru

Moskwa halkara kinofestiwaly (MHKF) aprelde geçmelidi, ol indi 26-njy awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda geçiriler, bu barada guramaçylar habar berdiler diýip, interfax.ru habar berdi.

Eýýäm kinofestiwalyň esasy bäsleşigine gatnaşmak üçin 200 arza gelip gowuşdy.

Bäsleşige Argentinanyň, Braziliýanyň, Perunyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Serbiýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň, Hytaýyň, Günorta-Gündogar Aziýanyň, hatda Okeaniýanyň kinoçylary gatnaşmak isleýärler diýlip, guramaçylyk toparynyň habarynda bellenýär.

Martyň başynda MHKK daşary ýurt kinoçylarynyň gatnaşyp bilmejekdikleri barada ýüztutmasyndan soň 2022-nji ýylyň ikinji ýarymyna süýşürilipdi.

Moskwanyň Halkara kinofestiwaly Wenesiýa kinofestiwalyndan soň dünýäde ikinji baýry kinobäsleşikdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň