«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy Balkanabatda täze iş ornuny bildiriş etdi

09:1123.06.2022
0
21428

«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde Burun käninde (Balkanabat ş.) buraw ussasynyň wezipesine wagtlaýyn boş iş ornuny bildiriş etdi.

Bu wezipä dalaşgärler şu talaplara laýyk gelmeli:

  • Ýokary tehniki ýa-da ýörite orta tehniki bilim;
  • Nebitgaz ulgamynda guýulary ulanmakda 10 ýyldan gowrak halkara iş tejribesi, şol sanda 3 ýyldan az bolmadyk möhletde buraw desgasynyň ýolbaşçysy (ýa-da şu derejedäki wezipede) bolup işlemeli, esasan, ýerüsti şertlerinde bolmaly. Kuwwatlylygy 3000 l.s. bolan ýerüsti buraw desgasynda we däp bolan ýa-da kibernetiki buraw toplumynda iş tejribesi;
  • Hereket edýän IWCF/IADC şahadatnamasy;
  • Iňlis we rus dillerinde erkin ýazuw hem-de gepleşik başarnyklary, iňlis dilinde dilüsti prezentasiýa we ýazuw aragatnaşygynda ýokary başarnyklar bolmaly. Türkmen dilini bilmeklik hem oňyn garşylanylýar.
  • Kompýutere we ofis bukjasyna oňat erk etmeklik, şahsy kompýuteriniň bolmagy we tekst redaktory hem-de elektron jedweller bilen işlemeklik oňyn garşylanylýar.

Anketalary «Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasyndan alyp bolar: Türkmenistan, Aşgabat, Arçabil şaýoly, 41.

Doldurylan anketalar bildiriş neşir edilenden soňky 10 günüň içinde kompaniýa gowşurylýar ýa-da jobs@eni.tm elektron poçtasyna iberilýär. Elektron poçta arkaly anketa iberilende anketa doldurylýan ýere familiýa, at, atasynyň ady we wezipesi ýazylmaly.

Kompaniýanyň bellemegine görä, talaplara has laýyk gelýän dalaşgärler gürrüňdeşlige çagyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň