Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Awtoýoly» 3D printerde awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryny ýasaýar

17:4221.06.2022
0
6910

Awtoulaglarda käwagt plastikden ýasalan düzüm bölekleriniň döwülmegine ýa-da olara dürli hili zeper ýetmegine gabat gelinýär. Bu hili ýagdaýda olary çalyşmak zerurlygy ýüze çykýar, kähalatda bolsa olaryň asylky nusga bilen kybapdaş görnüşini tapyp hem bolmaýar. Bu ýagdaýda «Awtoýoly» awtoulag hyzmatlary we söwda dükany has ýerlikli we amatly çözgüdi — plastik materiallardan awtoulaga gerekli bolan ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamak hyzmatyny hödürleýär.

Ulagyň islendik gurluşyna degişli bolan plastik materiallaryň islendik awtoulag üçin niýetlenen görnüşini tapmak hemişe ýeňil düşmeýär. Şonuň üçin hem awtohyzmatlar merkezinde islendik düzüm bölegini, ätiýaçlyk detallary sargyt esasynda ýasatmak örän oňaýlydyr. Bu ýerde ulaglaryň ähli görnüşleriniň polimer we beýleki has ýörgünli ulanylýan materiallardan taýýarlanylýan düzüm böleklerini gysga wagtyň içinde ýasadyp bilersiňiz.

Mysal üçin, awtoulagyň düzüm böleklerinden ulagyň hereketlendiriji gurluşyna we nowasyna degişli plastik hem-de rezina bölekleri, benzin gutusynyň gapagyny,sowadyja degişli ähli plastik şaýlary, awtoulagyň korpusundaky islendik gapaklar, şesternalar, düwmeler, başga-da onlarça zerur ätiýaçlyk böleklerini yasap berip dessine taýýarlap bolýar. Aýratyn plastik materiallaryndan bolan islendik enjamy ýasamagyň elýeterlidigini we ýerine ýetirilýän, ýagny ýasalyp berilýän düzüm bölekleriň ýokary derejeli materiallardan çap edilýändigini bellemeli.

Awtoulag hyzmatlary bilen baglylykda, döwlen ýa-da zeper ýeten islendik materiallary ýasatmak üçin «Awtoýoly» awtoulag hyzmatlary we söwda dükanynyň G.Kulyýew köçesindäki salgysyna ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň