Soňky habarlar

Arhiw

Eýranda 50 adam jokrama yssydan ejir çekdi

16:4721.06.2022
0
1236
Eýranda 50 adam jokrama yssydan ejir çekdi
Surat: inbusiness.kz

Jokrama yssy sebäpli Eýranyň demirgazygynda 50 adam hassahana ýerleşdirildi diýip, TASS habar berdi diýip, «www.belta.by» saýty ýazýar.

Ýurduň Ilam ülkesiniň Dehloran şäherinde howa 51,5 derejede gyzdy, käbir maglumatlara görä, jokrama yssydan ýaňa şäherdäki elektrik toguny paýlaýjy enjamlar hatardan çykdy.

Öň eýran metbugatynda ýurduň taryhynda şu tomsuň çakdanaşa yssy boljakdygy barada howa maglumaty gullugynyň habarlary çap edilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň