Arhiw

Türkmenistan we ÝUNESKO Akja-gala kerwensaraýyny gaýtadan dikeltmek boýunça hyzmatdaşlyk edýär

13:4820.06.2022
0
6147

BMG-niň ÝUNESKO edarasy gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Akja-gala kerwensaraýynyň durkuny dikeltmek bilen baglylykda Türkmenistanyň degişli edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu barada ÝUNESKO salgylanyp, Trend habarlar gullugy maglumat berýär.

Akja-gala kerwensaraýy Merw bilen Amulyň aralygyndaky ýoluň ugrunda ýerleşýär. Bu ýer XI asyrda Merkezi Aziýada iň uly kerwensaraý bolan.

Bu ugurda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy binalara uly ähmiýet bermek bilen, syýahatçylyk pudagynyň işinde hem ony ösdürmäge orun berilýär.

ÝUNESKO tarapyndan bellenilişi ýaly, şeýle-de dürli ýagdaýlary nazarda tutup muzeýleriň töwekgelçilikleri dolandyrmakda, şeýle-de maddy däl medeni mirasy hasaba almakda arzalar üçin faýllary taýýarlamakda işleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen birlikde, ÝUNESKO bilen bilelikde esasy maksady resminamalaýyn mirasy gorap saklamak we üpjün etmek bolan «Dünýäniň ýadygärlikleri» taslamasynyň çäklerinde özara iş alyp barmak dogrusynda bellenilýär.

Bu babatda halkara guramanyň beýanatynda: «Türkmenistandaky ozalky netijelerimiziň esasynda Bilimi dolandyrmagyň maglumat ulgamy (EMIS) bilen baglanyşykly iş hem kämilleşýär» – diýlip bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň