Türkmenistanyň Prezidenti eýranly kärdeşini Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine gatnaşmaga çagyrdy

13:1620.06.2022
0
9150
Türkmenistanyň Prezidenti eýranly kärdeşini Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine gatnaşmaga çagyrdy
Surat: president.ir

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ebrahim Raisini Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň şu gün geçiren telefon arkaly söhbetdeşligine salgylanyp IRNA habarlar gullugy habar berýär.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň daşar işler ministri Hossein Amirabdollahian iki ýurduň Liderleriniň Tähranda geçiren duşuşyklarynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini hem ara alyp maslahatlaşdylar we Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabatda geçiriljek sammiti barada pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, söhbetdeşligiň barşynda ýurtlaryň arasyndaky birnäçe ugurlarda baglaşylan şertnamalary ýerine ýetirmek üçin ministrlikleriň, guramalaryň we hususy pudagyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirmäge taýýardyklary mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň