24-nji iýunda Türkmenistanda «Naýbaşy futzal ligasyna» badalga berler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi web-saýtynda habar berilýär. Ýaryş Aşgabatda geçiriljek oýunlar bilen başlar.
Ýaryşyň ýeňijisi diýen at üçin sekiz topar bäsleşer. Aşgabatdan «Köpetdag», «Gümrükçi», «Senagatbank», «Milli goşun», Ahal welaýatyndan «Ahal», «Daşoguz welaýatyndan «Daşoguz» şeýle-de Balkan welaýatyndan «Deňizçi» Türkmenbaşy şäherinden «TNGIZT» ýaly toparlar gatnaşar.
«Naýbaşy futzal ligasy» ugrundaky ýaryşlar dört aýlawda geçiriler (28 tapgyr, 12 duşuşyk) we 2022-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlanar.
Ýaryşlar Aşgabat, Türkmenbaşy, Daşoguz we Mary şäherlerinde geçiriler.
Toparlaryň arasynda geçiriljek duşuşyklar bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz!
Türkmenistanyň «Naýbaşy futzal ligasynyň» häzirki ýeňijisi Balkan welaýatyndan «Deňizçi» futzal toparydyr.
«Naýbaşy futzal ligasyna» gatnaşýan toparlar
«Köpetdag»
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Aşgabat şäheri
«Senagatbank»
«Senagatbank» paýdarlar täjirçilik banky
Aşgabat şäheri
«Deňizçi»
Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty
Türkmenbaşy şäheri
«Ahal»
Ahal welaýaty
«Gümrükçi»
Türkmeistanyň Döwlet gümrük gullugy
Aşgabat şäheri
«Daşoguz»
Daşoguz welaýaty
«Milli goşun»
Türkmenistanyň Goranmak ministrligi
Aşgabat şäheri
TNGIZT
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy
Türkmenbaşy şäheri

