Arhiw

Ahalyň täze dolandyryş merkezinde elektrobuslaryň we tokly taksileriň hyzmaty ýola goýlar

22:5318.06.2022
0
17662

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy we bu ýerde iş maslahatyny geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň barşynda ýollaryň ugruny görkezýän şekiller, şeýle-de köçeleriň we jaýlaryň adynyň belgileriniň görnüşleri hem-de olarda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny ulanmak arkaly yşyklandyryş usullaryny peýdalanmagyň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýerine ýetirilýän işler, göz öňünde tutulýan meýilnamalar bilen tanyşlygynyň dowamynda täze şäherde elektrobuslaryň we elektrik togunda işleýän taksileriň hyzmatyny ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleri öňe sürdi. Bellenilşi ýaly, bu usul täze merkezde ekologiýa ýagdaýyny saklamakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Bu ugurda degişli tehniki hyzmatlar boýunça hünärmenleri, sürüjileri taýýarlamak meseleleri içgin öwreniler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň