Türkmen türgenleri göreş boýunça Aziýanyň çempionatyna gatnaşar

15:0518.06.2022
0
4825

19 — 26-njy iýunda Bişkek şäherinde (Gyrgyz Respublikasy) göreş boýunça ýaşlaryň we kadetleriň arasynda Aziýanyň çempionaty geçiriler. Bu barada UWW-niň resmi saýty habar berýär.

Aziýanyň çempionatynda grek-rim, erkin göreş hem-de zenanlaryň göreşi boýunça 17 ýaşa çenli hem-de 23 ýaşa çenli türgenler bäsleşer.

Ýaryşa Aziýanyň 21 döwletinden bolan türgenler gatnaşýar. Şol sanda ýaryşda Türkmenistanyň adyndan ýedi türgen çykyş eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň