Soňky habarlar

Arhiw

Dogecoin sebäpli Ilon Maska 258 mlrd dollarlyk kazyýet arzasy berildi

17:2617.06.2022
0
8969

Kezzapçylykly piramidany ulanmakda aýyplanmak bilen Ilon Maska, SpaceX we Tesla garşy kazyýet arzasy berildi. 3dnews.ru saýtynda habar berlişine görä, degişli arza bilen ABŞ-nyň raýaty Kit Jonson çykyş edipdir. Onuň tassyklamagyna görä, Mask we onuň kompaniýalary mem kriptowalýutasybolan Dogecoin-iň bahalaryny uçurmakda bikanun kezzapçylykly usuly döretmekde aýyplanýar. Arzanyň möçberi 258 mlrd dollara deň, şolardan 86 mlrd dollar çekilen zyýan, 172 mlrd dollar bolsa üç esse öwez tölegi.

Jonsonyň pikirine görä, 2019-njy ýylyň aprelinden bäri Dogecoin-yň söwdasy zerarly serişdelerini ýitiren beýleki maýadarlar goşulandan soň, bu arza köpçülikleýin häsiýete eýe bolar.

Ýylyň başyndan bäri, Dogecoin 67% pese düşdi we penşenbe güni 0,057 dollar bahadan söwdalaşdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň