Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýurda dolandy, «Altyn asyr» Täjigistana geçer

11:0417.06.2022
0
12576

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň wekilleri Aziýanyň kubogy ― 2023-iň Malaýziýada geçirilen saýlama duşuşyklaryndan soň Watanymyza dolandylar.

Türkmenistana gaýdyp gelen milli ýygyndynyň wekilleriniň arasynda «Altyn asyryň» futbolçylary ýok. Olar AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşmak üçin Özbegistandan Täjigistana geçerler.

Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty 24 ― 30-njy iýun aralygynda geçiriljek duşuşyklar üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini hasaba almagyň başlanandygyny mälim etdi.

Duşenbe şäherinde merkezleşdirilen görnüşde geçiriljek duşuşyklarda «Altyn asyryň» garşydaşlary Täjigistanyň SSKA, Özbegistanyň «Sogdiana» we Gyrgyzystanyň «Neftçi» toparlary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň