Türkmenistanda ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen baglanyşykly geljekki hereket meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada BMGÖM-üň metbugat gullugy habar berýär.
Maslahata Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň agzalary, şeýle-de ýurduň beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Tegelek stoluň dowamynda halkara bilermen, Russiýa Federasiýasynyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) tejribe merkeziniň geňeşçisi Maksim Medwedkow Ýol kartasynyň taslamasyny tanyşdyrdy.
Resminamada Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagyna taýýarlyk görmek we BSG-niň 2022-2025-nji ýyllar üçin talaplaryna laýyk gelýän kanunlary taýýarlamagyň hereket meýilnamasy beýan edilýär.
«Ýol kartasy» taslamasynyň aýratynlyklary kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny özgertmek üçin häzirki meýilnamany, şeýle hem teklipleriň doly sanawyna esaslanyp görüljek çäreleriň yzygiderliligini öz içine alýar.
Bu çäräniň Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň goldawy esasynda BMGÖM-üň «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin platforma» taslamasynyň çäklerinde geçirilendigini bellemek gerek.