Aşgabatda ýapon medeniýetinden gürrüň berýän çäreler geçirildi

06:4626.03.2015
0
2858

Aşgabatda ýapon medeniýetinden gürrüň berýän çäreler geçirildi. D. Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynda çaý içişlik dabarasy we ýapon milli kimano eşiginiň we onuň görnüşleriniň görkezilişi boldy.

“Aşgabat” myhmanhanasyndaky çärede biziň ýurdumyzdaky diplomatik gulluklaryň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, ýapon medeniýetiniň muşdaklary gatnaşdylar. Gutlag sözi bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň adyndan jenap Nakajima çykyş etdi. Ol iki halkyň medeniýetleriniň esasyny düzýän ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygyny belläp geçdi.

Aşgabatda şeýle çäreleri geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar bolsa 23 ýyldan mundan ozal ýola goýuldy.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň