Top.Mail.Ru

«Amazon» aýakgaplary wirtual ölçemek funksiýasyny girizýär

17:1710.06.2022
0
4839
«Amazon» aýakgaplary wirtual ölçemek funksiýasyny girizýär
Surat: engadget.com

«Amazon» kompaniýasy aýakgaplaryň ölçegini wirtual ölçemäge mümkinçilik berýän täze funksiýany tanyşdyrdy. Indi «virtual try-on» aýratynlygyndan peýdalanmak arkaly müşderi kamerany aýagyna gönükdirip, islän aýakgabynyň özüne nähili gelişjegini görüp biler.

Mundan başga-da, bu funksiýa aýakgaplaryň modeli üýtgedilende olary kabul edişini tiz çalşyp bilýär. Häzirlikçe müşderiler New Balance, Adidas, Reebok, Puma, Saucony hem-de Lacoste ýaly brendleriň aýakgaplaryny aýaklaryna wirtual ölçäp bilýärler. buro247-niň habar berşi ýaly, «virtual try-on» hyzmaty bu günki günde ABŞ-nyň hem-de Kanadanyň iOS ulanyjylary üçin elýeterlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň