Bangladeşde ýaraly langur maýmynynyň özi lukmançylyk kömegi üçin dermanhana geldi diýip, «The Indian Express» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Wakanyň şaýady bolanlaryň gürrüňine görä, maýmyn dermanhananyň tekjesinde parahat oturdy, dermanhanaçy onuň ýarasyna çalgy çalyp, sargy etdi. Dermanhanadaky müşderiler maýmynyň başyny sypalap, ony köşeşdirdiler.
Sosial torlardan peýdalanyjylar wakanyň wideoýazgysyna tomaşa edip, dermanhanaçylara hoşallyk bildirdiler. «Adamlaryň haýwanlar barada alada edýändiklerini görmek nähili ýakymly» diýip ýazdylar.
Langur lukmançylyk kömegini alandan soňra, guýrugyny şadyýan bulaýlap, tokaýa siňip gitdi diýlip, habarda aýdylýar.