Häzirki wagtda türkmen tebigy gazy Eýran Yslam Respublikasynyň üstünden SWAP usuly arkaly Türkiýä ugradylýar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabada sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar hem-de «BOTAŞ» kompaniýasynyň baş direktory Abdulwahid Fidan bilen bolan duşuşygynda hem aýdyldy.
Duşuşygyň barşynda Gahryman Arkadag tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika pudagynda Türkiýe Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, türkmen tebigy gazynyň doganlyk ýurda iberilmeginiň, şol ýerden bolsa Ýewropa ýurtlaryna çykarylmagynyň möhüm meseleleriň biridigini belledi.
Şeýle hem Hazar deňziniň türkmen kenarynda gurulýan utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi bilen, elektrik energiýasyny deňziň üstünden goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ýurtlara eksport etmek mümkinçiligi dörär.
Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen bolan duşuşygynda hem bu meselelere üns çekildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow tebigy we uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň Türkiýe bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen gazynyň doganlyk Türkiýe Respublikasyna iberilmegi, şol ýerden bolsa beýleki isleg bildirýän ýurtlara çykarylmagy häzirki döwürde möhüm meseleleriň biri bolup durýar.