Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Aşgabada gelmäge hemişe şatdygyny aýtdy. Kompaniýanyň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp hormatly Gahryman Arkadagy, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, şeýle hem ähli türkmen halkyny mukaddes Oraza aýy we ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen gutlady.
Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadag türk işewürini Aşgabatda geçirilýän halkara maslahatyň çäklerinde görýändigine şatdygyny aýdyp, onuň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen «Rönesans Holding» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň barşynda işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda ýerine ýetirýän işleriniň barşy barada habar berdi.
Gahryman Arkadag kompaniýanyň işine ýokary baha berip, toplanan oňyn tejribäni nazara almak bilen, Türkmenistanyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmäge taýýardygyny tassyklady.
Erman Ylyjak ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna bildirilýän uly ynam üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara «Rönesans Holdingiň» gatnaşmagynyň özi üçin uly hormat we buýsançdygyny belledi.
«Kompaniýa tarapyndan durmuşa geçirilen taslamalar ýurdumyzyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga ýardam bermek bilen, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga saldamly goşant goşýar. «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýerine ýetirýän gurluşyk işleriniň ýokary hili, ulanýan öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion çözgütleri dünýä standartlaryna laýyk gelýär» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy hem-de bilelikde alnyp barylýan işiň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň dowamynda Gahryman Arkadag Türkmenistanyň uly önümçilik kuwwatyna eýe bolan kompaniýalar, şol sanda «Rönesans Holding» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.
Işewür bildirilýän ýokary ynam üçin ýene bir gezek hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.