Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iň ýokary döwlet wezipesine girişmeginiň 3 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny iberdi we onda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan gutlaglaryny beýan etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.
— Täze taryhy döwürde Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgäňiz giňden dabaralanýar. Agzybir halkymyz Siziň daşyňyza jem bolup, hyjuwly zähmeti we gujur-gaýraty bilen ýurdumyzy ösdürmegiň bähbidine hyzmat edýär. Siziň: «Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýen sözleriňiz tutuş türkmen halkynyň bagtyýar, asuda, abadan şu gününe we geljegine bolan ynamyny artdyrdy. Siz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizi gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça beýik maksatlary öňde goýýarsyňyz. Öz çykyşlaryňyzda bu belent maksatlara ýetmekde watandaşlarymyza ynanýandygyňyzy yzygiderli bellemek bilen, halkymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrýarsyňyz — diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine iberen gutlag hatynda belleýär.
Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri döwlet Baştutanyna iberen gutlag hatynda:
— Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyz soňky ýyllarda birnäçe halkara başlangyçlar bilen çykyş edip, parahatçylygy we durnukly ösüşi goldamagyň möhüm guraly hökmünde Bitaraplyk ýörelgelerini yzygiderli ilerledýär — diýip nygtaýar.