Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi

23:5419.03.2025
0
13936
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi
Surat: Eurovizyon

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda Alparslan Baýraktar döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkiýede Türkmenistan bilen giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem doganlyk ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, maýa goýumlary pudaklarynda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow tebigy we uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň Türkiýe bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.

«Häzirki wagtda utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň gurulmagy türkmen elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler boýunça türk tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge hem-de netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň