Awstriýanyň «Olymp Cars» kompaniýasy öz platformasynda gurnalan täze awtoulaglaryň önümçiligine başlar. Hephaistos atly täze awtoulag masştably bolup, islendik ölçegdäki batareýalarda işläp biler.
Awtonews.ru saýtynyň habar bermegine görä, Hermes atly ilkinji elektrik gurluşly awtoulag bolsa 700 kilometr ätiýaçly bolup, kuwwatlylygy 350 at güýjüne eýedir. Şeýle-de öndürilmegi meýilleşdirilýän awtoulaglaryň hatarynda 4,8 metrlik uzynlykdaky, ätiýaçlygy 600 kilometrden pes bolmadyk «Ares» elektrik awtoulagy, «Apollon» hem-de «Athena» sedanlary, «Artemis» elektrik pikaby, «Hera» elektrik maşgala ulagy hem-de «Selene» elektrik ýeňil awtoulagy bar.
Öndürijiler kompaniýanyň geljekde wodorod hereketlendirijili awtoulaglary hem öndürjekdigini we bu ýangyjyň giňden peýdalanyljakdygyny belleýärler.