Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa maýmyn mama keseliniň laboratoriýa barlagy üçin Türkmenistana test serişdelerini berer

13:5510.06.2022
0
16431

Russiýa Federasiýasynyň «Rospotrebnadzor» gullugy maýmyn mama keseliniň laboratoriýa barlagy üçin Türkmenistana «Wektor» ylmy barlag merkezi tarapyndan taýýarlanan test serişdelerini berer. Bu barada «Rospotrebnadzor» gullugynyň başlygy Anna Popowanyň sözlerine salgylanyp TASS habar berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, bu baradaky netijä şu gün Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepewow bilen «Rospotrebnadzor» gullugynyň başlygy Anna Popowa arasynda geçirilen gepleşikden soň mälim boldy.

— Dünýäniň birnäçe ýurdunda maýmyn mama keseliniň hasaba alynmagy bilen baglanyşykly «Rospotrebnadzor» gullugy Türkmenistandaky hyzmatdaşlaryna «Wektor» ylmy barlag merkezi tarapyndan işlenip düzülen bu keseliň laboratoriýa barlagy üçin test serişdelerini berer. Mundan başga-da, maslahat hyzmatyny hödürlär — diýlip «Rospotrebnadzor» gullugynyň metbugat beýanatynda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň