Soňky habarlar

Arhiw

Bred Pitt «Formula-1» baradaky täze filmde surata düşer

11:1610.06.2022
0
5121

Meşhur aktýor Bred Pritt «Formula-1» baradaky heniz ady belli bolmadyk filmde baş gahryman hökmünde surata düşer. Filmiň ähli hukuklary «Apple» kompaniýasy tarapyndan satyn alyndy.

Täze filmiň sýužeti häzirlikçe nämälimligine galsa-da, onda Bred Pittiň esasy gahryman bolup, pensiýadan ýene-de awtoulag sportuna dolanýandygy we ýaş sürüjiniň tälimçisi bolýandygy barada aýdylýar diýip, daily.afisha saýty habar berýär. Filmiň prodýuseri hem-de režissýory Jozef Kosinskiý bolar.

Filmiň surata düşürilmeginde «Formula-1» boýunça dünýäniň ýedi gezek çempiony Lýuis Hemilton esasy maslahatçy bolup çykyş edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň