Türkmenbaşy dokma toplumy tomus möwsümi üçin «Nusaý» haryt nyşanly önümlerini öndürdi

17:2409.06.2022
0
12165

Türkmenistanyň söwda nokatlarynda Aşgabadyň Türkmenbaşy Tekstil Kompleksinde öndürilen «Nusaý» haryt nyşanly egin-eşikler giňden halk köpçüligine ýetirilýär.

Aýratyn-da, bu harytlaryň hatarynda tomus möwsümine niýetlenilip öndürilen erkekler üçin maýkalar, gyzlar üçin eşikler, zenanlar üçin gysga ýeňli köýnekçeler, oglanjyklar we gyzjagazlar üçin köýnekçeler, maşgalanyň ähli agzalary üçin pižamalar ýaly egin-eşik önümleri giňden peýdalanylýar. Tomus paslynda bu geýimler möwsüme görä oňaýlylygy hem-de rahatlygy bilen ýardam berer.

Bu önümleriň tapawutly aýratynlyklary — olaryň ekologik taýdan arassa materiallardan öndürilýändigi, ony geýýän adam üçin mylaýym hem-de ýakymly bolar ýaly olaryň önümçiliginde ýerli pagtanyň peýdalanylýandygy bilen baglydyr. Şeýle-de kärhanada zähmet çekýän hünärmenler her ýylda önümçilik usullaryna döwrebap önümçilik ýörelgelerine laýyklykda geçen ýylkylardan tapawutly täzeçillikleri girizýärler. Bu hususan-da egin-eşikleriň milli nagyşlar, ajaýyp suratlar bilen bezelmegi hem-de reňkdar häsiýetde öndürilmegidir.

Bu ýerde halk köpçüligine ýetirilýän önümler ISO 9001 we 14001 ýaly halkara hil standartlary bilen ykrar edilýär.

«Nusaý» haryt nyşanly egin-eşik önümleriniň ähli görnüşleriniň dokma toplumynyň resmi dükanynda hem-de internet dükanynda alyjylara ýetirilýändigini ýatladýarys.

«Nusaý» haryt nyşanly önümler bilen şu internet salgylanmasyna girip hem tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň