Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň kubogy ― 2022: Awstraliýa ― Türkmenistan duşuşygy Daşkentdäki «Milli» stadionda geçiriler

11:3309.06.2022
0
12370

Aziýanyň kubogy ― 2022-niň çäginde Awstraliýanyň we Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndylarynyň arasyndaky çärýek final duşuşygy Daşkent şäherindäki «Milli» stadionda geçiriler.

Duşuşyk 11-nji iýun güni agşam sagat 18:00-da başlanar. Bu barada AFK-nyň resmi saýty habar berýär.

«Milli» stadion Daşkendiň Çilanzar etrabynyň Bunýodkor köçesinde ýerleşýär. Ol 34 müň tomaşaça niýetlenendir.

Türkmen futbolçylary «A» toparçada ikinji, Awstraliýa bolsa «B» toparçada birinji orny eýeläp, çärýek finala çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň