Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitine gatnaşdy

19:0008.06.2022
0
7636
Türkmen wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitine gatnaşdy
Surat: mfa.gov.kz

Şu gün Gazagystan Respublikasynyň Nur-Sultan şäherinde gazak tarapynyň ýolbaşçylyk etmeginde «Merkezi Aziýa – Hytaý» döwletleriniň daşary işler ministrleriniň üçünji duşuşygy geçirildi. Bu barada Gazagystanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

«Turkmenportalda» ozal habar berşimiz ýaly, duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministri, wise-premýer R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Gepleşikleriň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň döwlet Baştutanlarynyň 2022-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda «Merkezi Aziýa – Hytaý» görnüşinde geçirilen ilkinji sammitinde öňe sürlen başlangyçlaryň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sammitiň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, daşary işler ministri R.Meredow öz nobatynda, Türkmenistanyň sebit we halkara gatnaşyklar ulgamynda öňe sürýän başlangyçlary we ileri tutýan garaýyşlary dogrusynda çykyş etdi.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary Merkezi Aziýa döwletleri bilen HHR-iň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňelmeginiň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Şeýle-de şu görnüşdäki duşuşyklary yzygiderli geçirip, özara gatnaşyklary pugtalandyrmak, Merkezi Aziýa sebitini parahatçylyk, dostluk, durnukly ösüş giňişligine öwürmek meseleleri barasynda pikir alşyldy.

Howpsuzlyk, ulag we logistika, energiýa we senagat, howanyň üýtgemegine garşy göreş, «ýaşyl ykdysadyýet», IT pudagy, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, syýahatçylyk we beýleki möhüm ugurlary öz içine alýan «Ýol kartasynyň» kabul edilmeginiň ähmiýeti barada hem bellenilip geçildi.

Duşuşygyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň we pikir alyşmalaryň netijesinde, daşary işler ministrleriniň derejesindäki «Merkezi Aziýa – Hytaý» duşuşygynyň dördünji ýygnagyny Hytaý Halk Respublikasynda geçirmek barada ylalaşyga gelindi.

Habar berşimiz ýaly, R.Meredow Nur-Sultan şäherinde saparda bolmagynyň çäklerinde — düýn Hytaý Halk Respublikasynyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministrleri bilen gepleşikleri geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň