Şu gün Türkmenistanyň wekiliýetiniň Merkezi Aziýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Nur-Sultan şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan In bilen gepleşikleri geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilmegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleler toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da ýokary döwlet derejesinde öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.
Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meselelerine seredip geçdiler. Söhbetdeşler iri halkara guramalaryň çäklerinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarynyň dowam etdirilmegine ymtylýandyklaryny nygtadylar.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gün tertibini ara alyp maslahatlaşmak bilen, gaz, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda özarabähbitli hyzmatdaşlyga esasy üns berildi.
Türkmen we hytaý diplomatiýasynyň ýolbaşçylary sebitleýin we yklymlaýyn möçberde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meseleleriniň üstünde aýratyn durup geçdiler.
Şeýle hem saglygy goraýyş, bilim we medeniýet ulgamlarynda geljekki hyzmatdaşlyk bu gepleşikleriň möhüm temasy boldy.