Şu gün Türkmenistanyň wekiliýetiniň Merkezi Aziýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Nur-Sultan şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň barşynda taraplar sebitiň syýasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, wajyp halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Hazar meselesi gepleşikleriň möhüm temasy boldy. Hususan-da, 2022-nji ýylda Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň 6-njy duşuşygyny geçirmek bilen bagly meslelere seredildi.
Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şeýle hem iki ýurduň sebit we halkara derejesinde gatnaşyklarynyň ösdürilmegi nukdaýnazaryndan ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin mümkinçiliklerden peýdalanylmagyna ýokary baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda we Gazagystanda bar bolan döwrebap guryýer we deňiz ulag infrastrukturalarynyň ulanylmagynyň möhümdigine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem energetika, oba hojalygy, senagatçylyk ýaly ulgamlarda bilelikdäki işleriň dowam etdirilmeginiň wajypdygy nygtaldy.
Habar berşimiz ýaly, wise-premýer R.Meredow şu gün Nur-Sultan şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan In bilen hem gepleşikleri geçirdi.