Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýygyndysy Aziýanyň Kubogy U23 çempionatynyň çärýek final tapgyryna çykdy, Aşgabatda suwa düşmek möwsümi başlandy, açyk howada örtük dakynmak zerur däl we beýleki habarlar

09:5608.06.2022
0
9129

1. Türkmenistanyň paýtagtynyň ýaşaýjylary «Gala» medeni-dynç alyş merkeziniň akwaparkynda suwa düşmek möwsümini resmi taýdan açyk diýip yglan etdiler. Bu ýerde her bir myhman ýaşyna garamazdan, islegine görä göwün açyjy güýmenje tapynyp biler. Bedeniň gujurlylygyny artdyrmak we şähdiňi açmak üçin aşakdaky telefonlar arkaly bronlamak hyzmatyndan peýdalanyp bilersiňiz: + 99362 66 88 88, +99361 97 20 60, +99361 97 20 61. Howuz her gün sagat 10:00-dan 22:00-a çenli işleýär. Howzuň tämizleýiş-öňüni alyş işleri her duşenbe güni sagat 09:00-dan 14:30-a çenli geçirilýär.

2. Türkmenistanda 1-nji iýundan açyk howada örtük dakynmak talaby aradan aýryldy, emma ýapyk binalarda we ähli ulag görnüşlerinde örtük düzgüni heniz hem güýjünde galmagyny dowam edýär.

3. Türkmenistan Owganystandaky Akina – Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna gaýtadan girişdi. Türkmenistanly inženerler we demirýolçy hünärmenler Akina – Andhoý demir ýol şahasynyň gurluşygyny dowam etmek üçin Akina şäherine geldiler. Türkmen hünärmenleri ýanlary bilen ähli zerur bolan tehnikalary we enjamlary hem getirdiler.

4. Türkmenistanyň Merkezi banky karz edaralary tarapyndan pul serişdelerini bermegiň täze tertibini tassyklady. Karz edarasynyň ýörite düzülen topary karz bermek ýa-da bermezlik baradaky çözgüdi kabul edýär. Topar karz alyja arza berlenden soň 10 senenama gününiň dowamynda bu hakda habar bermäge borçludyr.

5. Türkmenistanly gülçüler Sankt-Peterburgda geçiriljek Halkara Güller festiwaly-2022-ä gatnaşarlar. Halkara güller festiwaly 9-11-nji iýun aralygynda Ostrowskiý meýdançasynda geçiriler. Çäräniň meýilnamasyna gülçülik mazmunly şou we ussatlaryň çykyşy, gülleriň baly, gül çemenleriniň we gül kompozisiýalarynyň görkezilişi girizilendir.

6. Aşgabatda köp wagt bäri garaşylýan «Lalique» haryt nyşanynyň – hrustaldan we aýnadan bezeg önümlerini öndürýän meşhur fransuz öndürijisiniň bölümçesiniň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasy «Altyn Zaman» söwda merkeziniň «М Crystal» butikler dükanynda geçirildi. Çärä hormatly myhman hökmünde Fransiýanyň Türkmensitandaky ilçisi Izabel Ginel hem gatnaşdy.

7. Beýik Britaniýada synag hökmünde dört günlük iş hepdesi ýola goýuldy. Bu synag taslamasyna umumy işgär sany 3300-den gowrak bolan 70 sany britan kompaniýalary gatnaşarlar. Synag ýarym ýyl dowam eder.

8. 8-nji iýundan başlap Gazagystana geljek islendik raýatdan COVID-19-a garşy sanjym alandygy hakyndaky kepilnamasy we PSR lukmançylyk barlag netijenamasy talap edilmez.

9. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy futbol boýunça Aziýanyň Kubogy (23 ýaşa çenli) ugrundaky çempionatyň taryhynda ilkinji gezek pleý-off tapgyryna çykmagy başardy. Türkmenistanyň ýygyndy topary toparlaýyn duşuşyklaryň ahyrky tapgyrynda Katar bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, Aziýanyň iň gowy 8 ýygyndy toparynyň hataryna girdi.

10. 14 sany türkmen dzýudoçylary 24-26-njy iýun aralygynda Ulan-Batorda (Mongoliýa) geçiriljek «Uly tuwulga» seriýasyna degişli halkara çempionata gatnaşarlar. Çempionata 25 döwletden 193 türgeniň, şol sanda 122 erkek we 71 aýal türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň