Arhiw

Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy Mongoliýada geçiriljek «Uly tuwulga» ýaryşyna gatnaşar

10:5907.06.2022
0
4838

Türkmenistanly dzýudoçylaryň 14-si 24 ― 26-njy iýun aralygynda halkara «Uly tuwulga» ýaryşynyň Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde geçiriljek tapgyryna gatnaşar. Bu barada Halkara dzýudo federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.

«Uly tuwulga»özüniň derejesi boýunça Olimpiýa oýunlaryndan, dünýä çempionatyndan we «Ussatlyk» ýaryşlaryndan soň dördünji orny eýeleýär. Ol her ýylda geçirilýän ýaryşdyr.

Ulan-Batordaky halkara ýaryşda Türkmenistanyň erkekler ýygyndysyna Aýbek Omirow (70 kilograma çenli agram derejesinde), Hakberdi Jumaýew (60 kilograma çenli), Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (66 kilograma çenli), Ylham Kemalow, Isa Gaýradow (73 kilograma çenli), Mämmedaly Açyldyýew we Daýanç Omirow wekilçilik edýär.

Zenanlar ýygyndymyzy bolsa Aksoltan Hojageldiýewa, Raýhon Şawkadowa (48 kilograma çenli), Leýla Umydowa, Saýýara Rozyýewa (52 kilograma çenli), Gözel Nowruzowa (57 kilograma çenli), Zülhumar Daşgynowa (63 kilograma çenli) dagylar düzýär.

Ýaryşa 25 döwletden 193 türgen gatnaşar. Şol sanda olaryň 122-si erkekler, 71-si zenanlardyr.

«Uly tuwulganyň» indiki tapgyrlary Budapeşt, Zagreb, Abu-Dabi, Baku we Tokio şäherlerinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň