Turkmenportal logo
07.06.22
1509215092
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystana PCR-barlagsyz we koronawirus sanjymynyň kepilnamasy bolmazdan girmäge rugsat berler

2022-nji ýylyň 8-nji iýunyndan Gazagystana barmak isleýän islendik raýata koronawirusa garşy sanjymynyň kepilnamasyny görkezmezden we PCR-barlagsyz ýurda girmäge mümkinçilik berler. Bu barada Gazagystanyň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.


Şu ýylyň 8-nji iýunyndan başlap, Gazagystanyň raýatlary we daşary ýurtlular üçin ýurduň çägine girmekde koronawirusa garşy sanjymyň ýa-da gaýtadan edilen sanjymyň resminamalaryny (pasport, şahadatnama we COVID-19 sanjymynyň kepilnamasy) görkezmek bilen bagly çäklendirme talaplary ýatyrylar. Hat-da bu resminamalaryň bolmadyk ýagdaýynda Gazagystanyň çägine girilende raýat PCR-barlagy usulynda tabşyrylan koronawirus barlagynyň netijelerini hem görkezmeli bolmaz.


Bellenilişi ýaly, bu çözgüdiň kabul edilmegine ýurtda we Ýer ýüzünde epidemik ýagdaýyň has gowlaşýandygy esas bolup hyzmat edýär.