Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen gülçüleri Sankt-Peterburgda geçiriljek Halkara güller festiwalyna gatnaşarlar

11:1707.06.2022
0
8735

Türkmenistanly gülçüler Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek Güller festiwaly-2022 halkara festiwalyna gatnaşarlar. Bu barada Sankt-Peterburgyň Hökümetiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Halkara güller festiwaly 9 — 11-nji iýun aralygynda Ostrowskiý meýdançasynda guralar. Çäräniň dowamynda onuň meýilnamasyna laýyklykda, gül şowlary we master-klass çäreleri, gülleriň baly, gül çemenlerini tanyşdyrmak çäreleri we gül kompozisiýalary ýerine ýetiriler.

Mundan başga-da, peterburglylar üçin 9-njy iýunda Aleksandr teatrynyň öňünde, 10-11-nji iýunda bolsa Rus döwlet kitaphanasynda çeperçilik sungat eserleriniň sergisi taýýarlanylar. Bu sergilerde 5 sany bezelen retro awtoulagy, şeýle hem Pýotr I-niň eýýamyna bagyşlanan we Sankt-Peterburgyň nyşany hökmünde gül platformalary görkeziler.

Festiwalda Russiýanyň dürli ýerlerinden, şeýle-de Türkmenistandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan we Belarusdan tejribeli gülçüler öz işlerini tanyşdyrarlar.

Halkara güller festiwalynyň çäklerindäki ähli çärelere gatnaşmak tölegsizdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň