Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygynyň galan bölegine başlanyldy

21:0007.06.2022
0
12496

5-nji iýunda Akina — Andhoý demir ýolunyň Owganystanyň çäginde ýerleşýän galan böleginiň işlerine başlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi web saýtynda habar berýär.

Degişli habarda: «2022-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň demirýolçulary we bilermenleri Akina şäherine Akina — Andhoý demirýolunyň gurluşygyny dowam etmek üçin geldiler. Türkmen bilermenleri şeýle hem öz ýanlary bilen ähli gerek bolan tehnikalary we enjamlary getirdiler» - diýlip bellenilýär.

Demir ýol şahasynyň gurluşyk işleri «Türkmendemirýollary» agentliginiň we Owganystanyň Demirýollar guramasynyň arasynda ozal gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda ýerine ýetirilýär.

Akina — Andhoý demir ýol şahasy türkmen-owgan ulag geçelgesiniň ilkinji bölegidir. Onuň gurluşygy 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda başlandy. 2021-nji ýylyň 14-nji martynda Akina — Andhoý demir ýol şahasynyň 30 kilometr böleginiň açylyş dabarasy boldy. Emma dürli ýagdaýlar bilen baglylykda ýoluň 800 metri gurulmady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynyň bellemegine görä, olaryň esasylarynyň biri-de koronawirus pandemiýasy bilen baglydyr. Demir ýoluň galan böleginiň gurluşygynyň hem bir aýyň dowamynda ýerine ýetiriljekdigi bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň