Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Stambulda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli brifing geçirildi

12:5416.03.2025
0
9145

14-nji martda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, çärä Bahçeşehir uniwersitetiniň hem-de Stambul şäherindäki ýokary okuw mekdepleriniň «Türk dünýäsi» klubynyň ýolbaşçy düzümi, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň talyp ýaşlary, şeýle hem ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsuly M.Öwezow öz çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek halkara çäreleriň ähmiýetini nygtady. Duşuşykda Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän halkara başlangyçlar barada hem maglumatlar berildi.
Çäräniň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy hem geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň